ABŞ: "Owganlary Türkiýä gönükdirmedik" diýip belledi

ABŞ, owgan bosgunlary Türkiýe bilen birlikde hiç bir ýurda gönükdirmändiklerini habar berdi

1685813
ABŞ: "Owganlary Türkiýä gönükdirmedik" diýip belledi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs gündelik metbugat ýygnagynda ýurdunyň owgan bosgun programmasynyň giňeltmegi we 3-nji ýurtlar bilen baglanşykly beýanatyna, Türkiýäniň beren reaksiýasy bilen bagly soraga: "Gorag gözleýän adamlary kesgitli bir sebitlere gönükdirmegiň ýa-da höweslendirmegiň ABŞ-nyň hökümetiniň syýasaty bolmandygyny bellemek isleýärin. Hiç kimi Türkiýe bilen birlikde hiç bir ýurda gönükdirmedik" diýip mälim etdi. 

Ned Praýs Siriýa, Yrak, Owganystan, Eýran we beýleki ýurtlardan 4 milliondan gowrak bosguna ýer eýeçiligini edýän Türkiýä minnetdarlyk bildirýändiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #bosgun , #owgan , #Ned Praýs , #ABŞ

Degişli Habarlar