“Gepleşikler Arkaly Urşuň Öňüni Aldyk”

Ruhani wezipe möhletiniň soňky beýanatynda möhüm maglumatlar berdi

1684638
“Gepleşikler Arkaly Urşuň Öňüni Aldyk”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani 2013-nji ýylda iş başyna gelende öňünde uruş we parahatçylyk alternatiwinin bardygyny beýan edip, gepleşikler arkaly urşuň öňüni alandyklaryny aýtdy.

Prezidentlik wezipesiniň soňky teleýaýlym interwýusynda Fransiýanyň paýtagty Pariže guran saparynda Fransiýanyň ozalky Prezidenti Frasua Hollandyň özüne “5+1 ýurtlary” (ABŞ, Hytaý, Russiýa, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa) Eýrana garşy söweşmek hakynda karar kabul edipdik. Emma siz iş başyna gelenden soň we gepleşiklere taýardygyňyzy beýan etmegiňiz sebäpli uruşdan el çekdik” diýendigini aýdan Ruhani, “İşe girişenimde öňümizde iki ýol bardy ýa dünýä bilen söweşe tutluşmalydyk ýa-da barlyşmalydyk. Çözgüt diplomatiýa we gepleşiklerdir. Gepleşikler söweşiň öňüni aldy” diýdi.

“Şu günki günde ABŞ bilen gepleşikler geçirýäris. Wenada 4+1 ýurtlary bilen geňeşmeler geçirýäris we ABŞ bilen duşuşamyzok. Emma iş ýüzünde gepleşikleriň beýleki tarapy ABŞ” diýdi.

Eýranda iş başyna geljek hökümetiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň gepleşikler boljakdygyny nygtan Ruhani; “Gatnaşyk açmakdan başga çözgüt ýok” diýdi.



Degişli Habarlar