Türk Halky Türkiýäni Durnuksyzlaşdyrmagy Maksat Edinýän Synanşygy Yza Serpikdirdi

Fransuz syýasaty öwrenijisi türk halkynyň agdarlyşyk synanşygyna egilşiksiz reaksiýa bildirendigini beýan etdi

1675788
Türk Halky Türkiýäni Durnuksyzlaşdyrmagy Maksat Edinýän Synanşygy Yza Serpikdirdi

Fransuz syýasaty öwrenijisi we Parižin Geosyýasy barlaglar merkezinin baş Direktory Çarles Saint-Prot türk halkynyň agdarlyşyk synanşygyny kabul etmän, egilşiksiz we seýrek duş gelinýän reaksiýa görkezendigini beýan etdi.

Saint-Pront, 5-nji ýylynda Fetullahçy Terror Guramasynyň (FETÖ) 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygy boýunça “Anadoly” habarlar gullugyna beýannama berdi.

Agdarlyşyk synanşygyndan media arkaly habarly bolanda Türkiýä dost bolan ençeme fransuz ýaly aladalanandygyny beýan eden Saint-Prot, türk halkynyň Türkiýäni durnuksyzlaşdyrmagy maksat edinýän synanşygy yza serpikdirendigini nygtady.

Türk halkynyň köpçülikleýin herekete geçmeginin agdarlyşyk synanşygynyň netijesi taýdan kesgitleýiji bolandygyny beýan eden Saint-Prot, Prezident R.T.Erdogan bilen halkyň terrorizme we agdarlyşyga garşy göreşde ýaranlyk edendigine ünsi çekip; “Türk halkynyň herekete geçmegi demokratiýa üçin ýeňişdir” diýdi.

Prezident Erdogan we hökümeti arkaly Türkiýäniň we türk halkynyň nyşana alynandyny nygtan Saint-Prot, Türkiýe ýaly beýik we möhüm ýurduň halkynyň wehime göz ýetirip, pespäl synanşyga garşy durandygyny beýan etdi.

Saint-Prot agdarlyşyk synanşygyna dymmak bilen syn eden ýurtlaryň abraýdan gaçandygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar