Kubadaky protestlerde bir adam ýogaldy

Kubada hökümete garşy geçirilýän protestlere gatnaşan 1 adam ýogaldy

1674980
Kubadaky protestlerde bir adam ýogaldy

Kubanyň habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, düýn paýtagt Gawana şäheriniň tapawutly ýerlerine hökümede garşy geçirilen protestleriň birinde 1 demonstrant ýogaldy. 

BBC tarapyndan berilen habara görä, Kubada protestçilere garşy güýç ulanan polisiýa işgärleriniň protestçilere garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulanandygy we käbir protestçileri hem ýenjendigi baradaky wideo ýazgylar sosial medianyň üsti bilen paýlaşylypdy.

Sosial media platformalarynda protestçileriň göz tussaglygyna alynmaga dowam edýändigi barada habarlar berildi, mundan başgada adam hukuklary guramasy Kubaleks, ýekşenbe gününde bäri takmynan 100 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny öňe sürdi. 

Kubada geçen hepdäniň ahyrynda müňlerçe adam, geçiren protestlerinde ýurtda erbetleşen ykdysady şertleri protest edip, hökümetden azatlyk isläpdiler. 


Etiketkalar: #protest , #Kuba

Degişli Habarlar