Yrakda Hassahanada bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 64 Adama Ýetdi

Bagdatda aprel aýynda koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 82 adam ýogalypdy.

1674524
Yrakda Hassahanada bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 64 Adama Ýetdi

Yrakda koronawirusa ýoluganlaryň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 64 adam ýogaldy.

Yragyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ýurduň günortasynda ýerleşýän Zikar welaýatynda koronawirus hassalarynyň bejergi alýan Ymam Hüseýin hassahanasynda düýn agşam bolan ýangynda ýogalanlaryň sanynyň 23 adam artandygy nygtaldy.

Ýangynda ýogalanlaryň sanynyň 64 adama ýetendigi bellenildi.

Ýangynda 50 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy bellenildi.

Yragyň paýtagty Bagdatda aprel aýynda koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 82 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar