Dendias: "Erdogan sebitde möhüm lider" diýdi

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň sebitde möhüm bir liderdigini beýan etdi

1673355
Dendias: "Erdogan sebitde möhüm lider" diýdi

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias, telewideniýe kanallarynyň birinde geçirilen ýörite gepleşikde Ankara-Afiny gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi. 

Gepleşikde Prezident Erdoganyň Türkiýäniň ösüşindäki roluna ünsleri çeken Dendias: "Türkiýäniň alyp barýan syýasata garaýyşlar nähili bolsa bolsun, Prezident Erdogan sebitde möhüm liderdir. Özi bilen gürrüňdeş bolan mahalymyz Erdoganyň durmuşyna nirden başlandygyna, ýurduny nähili özgerdendigine, nähili güýçli ýagdaýa getirendigine göz öňünde tutmagymyz gerek" diýip belledi. 

Iki ýurdyň arasyndaky meseleleri Prezident Erdogan bilen Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň çözüp biljekdigini aýdan Dendias: "Men hemişe iki lideriň ikiçäk duşuşyk geçirmekleriniň tarapdary boldym. Şol sebäpli meseleleriň çözüwi üçin umyt bar bolsa, ol hem Misotakisiň Erdogan bilen duşuşyk geçirmegi bilen amala aşyryljakdygyna ynanýaryn" diýip nygtady. 

Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias, Prezident Erdogana öz strategiýasy we şahsy gymmatlyklary bilen hereket edýän lider hökmünde garaýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar