Baýden Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Liderler Siriýadaky bosgunlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi we kiber hüjümleri hakynda pikir alyşdy

1673041
Baýden Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkal söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, liderler Siriýadaky bosgunlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi we Russiýanyň ABŞ-da Respublikan partiýa garşy gurandygy öňe sürülýän kiber hüjümleri hakynda pikir alyşdy.

Beýannamada ABŞ-nyň Prezidentiniň Putin bilen merkezi Russiýada ýerleşýän toparlaryň ABŞ-na we dünýädäki beýleki ýurtlara garşy guraýan hüjümleri hakynda giňişleýin pikir alyşandygy bellenildi.

Jo Baýden, Russiýanyň kompýuter garakçylarynyň hüjümleriniň öňüni almak üçin herekete geçmelidigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar