Russiýa Owganystandaky Wakalara Alada Bildirýär

Bu barasynda Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň beýannamasynda nygtaldy

1672813
Russiýa Owganystandaky Wakalara Alada Bildirýär

Sergeý Lawrow Owganystandaky wakalaryň aladalandyrycydygyny beýan edip: “Russiýa wakala diňe Owganystanyň çäklerinde dowam eden halatynda çäre görmez” diýdi.

Lawrow paýtagt Moskwada Hindistanyň Daşary işler ministri Sabrahmanýam Žaişankar bilen geçiren duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Owganystanda çaknyşyklaryň dowam edýändigini aýdan Lawrow: “Owganystanda başdan geçirilýänler bizi diňe ýaranlarymyzyň territoriýasynda dartgynlyklaryň ýüze çykmagy taýdan aladalandyrýar” diýdi.

Lawrow Talibanyň Eýran we Täcigistan serhetlerinde gözegçilik nokatlaryny ele geçirendigini nygtap: “Russiýa wakalar diňe Owganystanyň çäklerinde başdan geçirilen halatynda çäre görmez. Ähli owganlaryň dilden godaw berýän syýasy tapgyrynyň başlamagy üçin çağyryşymyzy gaýtalamakdan başga ädim ätmeris” diýdi.



Degişli Habarlar