Täjigistanda 18 ýaşdan ýokary bolan adamlaryň Kowid-19 sanjymyny etdirmekleri mejbury boldy

Täjigistanda koronawirus epidemiýasyna garşy edilýän sanjym gollanmasy 18 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlara mejbur ýagdaýa getirildi

1669459
Täjigistanda 18 ýaşdan ýokary bolan adamlaryň Kowid-19 sanjymyny etdirmekleri mejbury boldy

Täjigistanyň Koronawirusa garşy göreş komissiýasynyň karary bilen, häzirki wagta çenli ýurtda adamlaryň islegine laýyklykda edilen sanjymlar mundan beýläk 18 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolan adamlara mejbur ýagdaýa getirildi. 

Karar bilen birlikde daşary ýurtlardan ýurda giren adamlaryň 10 günüň dowamynda karantin astynda saklanmagy mejburylygy ýola goýuldy. 

Ýurda mart aýynda Oksford uniwersitediniň AstraZeneka kärhanasy bilen bilelikde oýlap tapan Vaxzevria sanjymyndan 192 müň doza, iýun aýynda Hytaýyň Sinowak kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan CoronaVac sanjymyndan 300 müň doza getirilen bolsa, ýakyn wagtda Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan Sputnik V sanjymyndan hem 100 müň doza getirilmegi göz öňünde tutulýar. 

Sanjym tapgyry 22-nji martda başlan ýurtda, häzirki wagta çenli 280 müň adama sanjym edildi. 

Ýurtda Kowid-19 epidemiýa tapgyrynda şu günki güne çenli 92 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar