Pakistanyň Içeri işler ministri: "Talibanyň maşgalalary bu ýerde Pakistanda ýaşaýar" diýdi

Pakistanyň Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed Geo News telewideniýe kanalayna beýanat berdi

1667129
Pakistanyň Içeri işler ministri: "Talibanyň maşgalalary bu ýerde Pakistanda ýaşaýar" diýdi

Pakistanyň Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed, ýurdyň paýtagty Yslamabad şäheriniň töweregindäki käbir ýaşaýyş ýerleriniň atlaryny sanap: "Talibanyň maşgalalary bu ýerde Pakistanda ýaşaýar" diýip habar berdi. 

Pakistanyň Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed Geo News telewideniýe kanalayna beren beýanatynda, ýogalan Talibanlylaryň kämahallar Pakistana getirilýändigini, ýaralananlaryň hem ýene-de Pakistana getirilip bu ýerlerdäki hassahanalarda bejergi edilýändigini mälim etdi. 

Ahmed, ýurdyň paýtagty Yslamabad şäheriniň töweregindäki Rawat, Loi Ber, Bara Kahuh we Tarnol ýaly ýaşaýyş ýerleriniň atlaryny sanap:  "Talibanyň maşgalalary bu ýerde Pakistanda ýaşaýar" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Pakistan

Degişli Habarlar