Germaniýada pyçakly hüjüm guraldy

Germaniýanyň Wýursburg şäherinde anna güni guralan pyçakly hüjümde bolsa 3 adam ýogalypdy

1666095
Germaniýada pyçakly hüjüm guraldy

Germaniýanyň Erfurt şäherinde bir hüjümçi 2 adamy pyçak bilen ýaralady. 

Şu gün irden guralan pyçakly hüjümde ýaralanan 45 we 68 ýaşlaryndaky 2 adam hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Polisiýa gullugy hüjümçini tussag etmek üçin dikuçarlaryň kömek bermeginde gözleg işlerini başlatdy.

Berilen beýanatda hüjümçiniň 20 ýaş töweregindedigi mälim edildi. 

Germaniýanyň Wýursburg şäherinde anna güni guralan pyçakly hüjümde bolsa 3 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar