Kolumbiýa Sinowak sanjymynyň täsirliliginiň ýokarydygyny beýan etdi

Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 101 müň 302 adama ýetdi

1663241
Kolumbiýa Sinowak sanjymynyň täsirliliginiň ýokarydygyny beýan etdi

Kolumbiýanyň Saglygy goraýyş ministri Fernando Ruis Gomez, ulanýan Hytaýyň Sinowak sanjymynyň täsirliliginiň ýokarydygyny, 80 ýaşdan ýokary bolan adamlarda çekilen ýitgilere garşy oňyn netije berendigini mälim etdi. 

Halkara köpçülikleýin ýerlerden we uly çärelerden uzak durmaga çagyran Ruiz: "Wirusa ýolugýan we ýogalýan adamlaryň köpelmeginde soňky wagtlarda artan köpçülikleýin hereketliligiň uly täsiri bar" diýip habar berdi. 

Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 101 müň 302 adama ýetdi.

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 997 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 3 million 714 müň adama ýetdi. 

Ýurtda epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýerleriniň hatarynda paýtagt Bogota şäheri we Antiokiýa welaýaty bar. 



Degişli Habarlar