BMG, Palestinalylar Üçin 164 Million Dollarlyk Kömek Çagyryşyny Berdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 66-y çaga, 39-y zenan jemi 254 palestinaly ýogalypdy
BMG-nyň Palestinaly bosgunlara ýardam gullugy UNRWA, geçen aý Ysraýylyň guran we 11 gün dowam eden hüjümlerinden soň palestinalylara 164 million dollarlyk kömegiň berilmegi üçin çagyryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç, gündelik metbugat ýygnagynda, 164 million dollarlyk kömek çagyryşynyň UNRWA-nyň 19-njy maýda beren ilkinji 38 million dollarlyk kömek çagyryşyny hem öz içine alýandygyna ünsi çekdi.
Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza sektoryna 10-njy maýda başladan howa hüjümleri Hamas bilen ylalaşyk gazanylmagy netijesinde 21-nji maýda bes edilipdi.
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 66-y çaga, 39-y zenan jemi 254 palestinaly ýogalypdy. 1948 adam ýaralanypdy, müňlerçe bina dolulygyna ýykylypdy.
Degişli Habarlar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo ýaşaýyş zolagyny ele geçirendiklerini habar berdi
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.