ABŞ Taýwana 2,5 Million Doza Kovid-19 Sanjymyny Berdi

Taýwan, Moderna firmasyndan 5 million doza sanjym almak üçin talap bildiripdi emma häzire çenli diňe 390 müň doza sanjym aldy.

1662198
ABŞ Taýwana 2,5 Million Doza Kovid-19 Sanjymyny Berdi

ABŞ, Hytaý bilen düşnmezligi başdan geçirýän Taýwana 2,5 million doza Kowid-19 sanjymyny berdi.

ABŞ-nyň Memfis şäherinden uçan Taýwanyň howa ýollaryne degişli ýük uçary, sanjymlar bilen birlikde Taýwan adasyna gondy.

Moderna firmasy tarapyndan öndürlen 2,5 million doza Kovid-19 sanjymy Taýwanyň hökümetiniň ýolbaşçylaryna gowşuryldy.

Taýwan, Moderna firmasyndan 5 million doza sanjym almak üçin talap bildiripdi emma häzire çenli diňe 390 müň doza sanjym aldy.

ABŞ, üstümizdäki aýyň dowamynda Taýwana ýene-de 750 müň doza sanjym bermegi meýilleşdirýär.


Etiketkalar: #sanjym , #koronawirus , #Taýwan

Degişli Habarlar