Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady

Taliban tarapyndan berlen beýannamada hüjümde 9 esgeriň ýogalandygy öňe sürüldi.

1659325
Taliban Harby Merkeze Hüjüm Gurady

Owganystanyň Bamýan welaýatynda harby merkeze Taliban tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 5 esger ýogaldy.

Welaýat häkimi Saýed Enwer Rahmeti, başbozarlaryň Bamýanyň Kuhmerd etrabynyň İşpişte etapçasyndaky harby merkeze hüjüm edendigini aýtdy.

Rahmeti hüjümde 5 esgeriň ýogalandygyny, 1-niň ýaralanandygyny belledi.

Rahmeti çaknyşykda Talibanyň hem ýitgi çekendigini ýatlatdy.

Taliban tarapyndan berlen beýannamada bolsa hüjümde 9 esgeriň ýogalandygy öňe sürüldi.



Degişli Habarlar