Sisi Mirasdüşer Şazada Salman Bilen Duşuşdy

Müsüriň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi Saud Arabystanynyň Mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman bilen duşuşdy

1656499
Sisi Mirasdüşer Şazada Salman Bilen Duşuşdy

Sisi, resmi “Fajebook” sahypasyndan beren habarnamasynda Mürasdüşer şazada Salman bilen Müsüriň Şamal Şeýh şäherinde geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça pikir alyşandykaryny beýan etdi.

Salmana “doganym” diýip ýüzlenen Sisi, duşuşykda sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny ýazdy.

Sisi aýratynam Müsür bilen Saud Arabystanyny resmi hem-de resmi däl derejede birikdirýän nusga gatnaşyklaryň özüni “buýsandyrýandygyny” nygtady.

Salman 2018-nji ýylyň 5-nji martynda iş başyna gelenden soň ilkinji daşary ýurt saparyny Müsüre gurapdy.



Degişli Habarlar