Nigeriýadaky ýaragly hüjümde 88 adamyň ýogalandygy mälim boldy

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýanyň Kebbi ştatynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde 88 adamyň ýogalandygy mälim boldy

1652535
Nigeriýadaky ýaragly hüjümde 88 adamyň ýogalandygy mälim boldy

Kebbi ştatynyň polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Nafiu Abubakar, şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlaryň 3-nji iýunda Kebbi ştatynyň 8 aýry ýerine hüjüm gurandygyny ýatlatdy. 

Abubakar: "Hüjümden soň 88 adamyň jesedi tapyldy" diýip habar berdi. 

Nafiu Abubakar, sebite howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

Ýaragly adamlaryň aprel aýynda Kebbi ştatynda guran ýaragly hüjüminde bolsa 9 polisiýa işgäri ýogalypdy. 



Degişli Habarlar