Gruziýa Premýer ministr Garibaşwiliniň Türkiýe guran sapary barada beýanat berdi

Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani, Türkiýäniň ýurdyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna, NATO we Ýewropa Bileleşigine integrasiýasyna hemme taraplaýyn goldaw berýändigini mälim etdi

1652544
Gruziýa Premýer ministr Garibaşwiliniň Türkiýe guran sapary barada beýanat berdi

Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani, Gruziýanyň TV Imedi döwlet telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwiliniň, 1-nji iýunda Türkiýä guran resmi saparynyň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Ankara resmi sapar guran Irakli Garibaşwilini ýokary derejede garşylandygyny aýdan Zalkaliani, Gruziýanyň Türkiýe üçin ynamdar bir hyzmatdaş ýurtdugyny beýan etdi. 

Zalkaliani, Erdoganyň we Garibaşwiliniň iki ýurdyň arasyndaky 1,5 milliard dollar bolan söwda kuwwadyny 3 milliard dollara ýetirmek barada görkezme berendiklerini aýan etdi. 

Türkiýäniň ýurdunyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna, NATO we Ýewropa Bileleşigine integrasiýasyna hemme taraplaýyn goldaw berýändigini aýdan Zalkaliani: "Türkiýe biziň strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkiýe ähli halkara platformalarda Gruziýanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna güýçli ýagdaýda goldaw berýär" diýip habar berdi. 

Türkiýe-Gruziýa-Azerbaýjan döwletleriniň Baku-Tbilisi-Kars demir ýol taslamasy ýaly ençeme halkara transport we energetika taslamasyny durmuşa geçirendigini aýdan Zalkaliani: "Bular ýaly halkara taslamalar sebitiň howpsuzlygy taýdan örän ähmiýetlidir" diýip beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar