Erdoganyň Beren Buşlygy Daşary Ýurt Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerinde Beýan Tapdy

“Bloomberg”  “Erdogan Garadeňizde täze tebigy gazyň tapylandygyny habar berdi” söz başysyny saýlap alypdyr

1652133
Erdoganyň Beren Buşlygy Daşary Ýurt Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerinde Beýan Tapdy

Prezident R. T. Erdoganyň Garadeňizde tebigy gaz ätiýajynyň tapylandygy barada beren buşlygy hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar.

Iňlis Roýter habarlar gullygy habary “Soňky täzelik” hökmünde berdi.

Habarda “Erdogan, Türkiýäniň Garadeňizde 135 milliard m3 tebigi gaz ätiýajyny tapandygyny buşlady” diýildi.

Amerikan “Assojiated Press” habarlar gullugy “Türkiýe, Garadeňizde tebigy gaz tapandygyny buşlady” söz başysyny saýlap aldy.

Habarda, Garadeňizde ozal hem 405 milliard m3 gazyň tapylandygy ýatladyldy.

“Bloomberg”  “Erdogan Garadeňizde täze tebigy gazyň tapylandygyny habar berdi” söz başysyny saýlap alypdyr.

Nemes “Der Şpigel” habary “Erdogan, Garadeňizde täze tebigy gazyň tapylandygyny mälim etdi” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň habar beriş serişdeleri “Erdogan Türkiýä buşlykly habar berd.Garadeňizde täze tebigy gaz tapyldy” söz başysyny saýlap alypdyr



Degişli Habarlar