Jo Baýden NATO maslahatynda Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirer

Beýleki tarapdan Psaki Jo Baýdeniň şu aý Beýik Britaniýa, Belgiýa we Şweýsariýa sapar gurajakdygyny mälim etdi

1651506
Jo Baýden NATO maslahatynda Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 14-nji iýunda NATO maslahatynyň çäginde Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirip ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşar. 

Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaki beren ýazmaça beýanatynda, 14-nji iýunda NATO agza ýurtlaryň liderleriniň gelejek howplaryň hötdesinden nädip geljekdiklerini we täsirli ýük paýlanşyk babatynda geňeşmeler geçirjekdiklerini belläp: "Jo Baýdan ençeme ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleleri maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirer" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Psaki Jo Baýdeniň şu aý Beýik Britaniýa, Belgiýa we Şweýsariýa sapar gurajakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar