Hamas Palestinalylara Ysraýyla Berk Garşylyk Görkezmek Üçin Çagyryş Berdi
Hamas, Palestinalylara, Günbatar Şeriadaky şäherlerde geljek jumany “Gahar gazap güni” ýagdaýyna getirmek üçin çagyryş berdi.
Hamas, Günbatar Şeriadaky palestinalylara ýehudi ýaşaýjylarynyň basyp alyşlygy astyndaky Gündogar Iýerusalimiň Gadymy şäher etrapçasynda ýerleşýän Aksa metjidine guralýan operasiýalara garşylyk görkezmek üçin çagyryş berdi.
Hamasdan berlen beýannamada, ýehudi ýaşaýjylarynyň Aksa metjidine guraýan operaiýasylaryny, basyp alyjy güýçleriň hökümetiň täsirini goramak üçin edýän umytsyz tagallasy hökmünde analiz edildi.
Hamas, Palestinalylara, Günbatar Şeriadaky şäherlerde geljek jumany “Gahar gazap güni” ýagdaýyna getirmek üçin çagyryş berdi.
Hamasdan berlen beýannamada, Palestinanyň halkynyň, territoriasyny we mukaddes ýerlerini goramaga, basyp alyjy güýçlere we ýehudi ýaşaýjylaryna berk garşylyk görkezmäge taýardygy bellenildi.
Degişli Habarlar
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
“Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär"
Germaniýada partlama boldy
Germaniýanyň Kýoln şäherinde kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy