Germaniýa we Fransiýa Türkiýe bilen bagly beýanat berdiler

Germaniýa we Fransiýa: "Türkiýe bilen ikitaraplaýyn ýagdaýdaky bähbide esaslanjak hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bagly strategik meýilnamamyzy tassyklaýarys" diýip bellediler

1649467
Germaniýa we Fransiýa Türkiýe bilen bagly beýanat berdiler

Germaniýanyň ýer eýeçilik etmeginde Fransiýa bilen bilelikde sanly ulgam arkaly geçirilen bilelikdäki Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň, koronawirus epidemiýasy, klimat çalşygyna garşy göreş, ykdysady syýasat, sanly ulgam we halkara meseleleri öz düzüminde jemleýän 62 maddalyk jarnama çap edildi.

Jarnamanyň "Halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlyk" atly bölüminde Türkiýäniň hem üstünde durulyp geçilip: "Gündogar Ortaýer dartgynlygyň peselmeginiň dowam etmegi we sebitdäki krizisleriň çözgüdine konstruktiw goşant goşulmak şerti bilen, Türkiýe bilen ikitaraplaýyn ýagdaýdaky bähbide esaslanjak hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bagly strategik meýilnamamyzy tassyklaýarys we ikitaraplaýyn häsýetde, kosntruktiw esasda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýardyrys" diýip habar berildi. 

Jarnamada Gündogar Ortaýer deňizinde degişli ähli aktýorlaryň bar bolan meselelere dowamly häsýetdäki çözgüde goşant goşmaklary babatynda höweslendirilýändigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar