Merkel Bilen Sisi Ýakyn Gündogarda Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Merkel Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi üçin töwellaçylyk eden Müsüre sagbolsun aýtdy

1646447
Merkel Bilen Sisi Ýakyn Gündogarda Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Merkel bilen Sisi duşuşykda Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Germaniýa tarapyndan mesele hakynda berlen beýannamada, Merkeliň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi üçin töwellaçylyk eden Müsüre sagbolsun aýdandygy nygtaldy.

Beýannamada, ylalaşygyň dowam etdirilmelidigini nygtan Merkel bilen Sisiniň, taraplaryň arasyndaky syýasy gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyna goldaw berjekdiklerini bellenildi.

Beýannamada Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisiniň duşuşykda şeýle hem özara ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde Liwiýa meselesini ara alyp maslahatlaşandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar