Jo Baýden Kaliforniýada guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

Jo Baýden ýurtdaky baýdaklaryň ýarym ýagdaýda aşak düşürilmegi barada buýruk berdi

1646499
Jo Baýden Kaliforniýada guralan hüjüm bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherinde 8 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen ýaragly hüjümden soň, ýurtdaky baýdaklaryň ýarym ýagdaýda aşak düşürilmegi barada buýruk berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, waka bilen baglanşykly beren ýazmaça beýanatynda, San-Hose şäherindäki hüjüm bilen bagly hem özüne hem-de Wise-prezident Kamala Harrisa maglumat berilendigini mälim etdi. 

8 adamyň ýogalmagy we köp sanda adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen waka barada jikme-jik maglumat almaga garaşýandyklaryny aýdan Jo Baýden, ýurtdaky baýdaklaryň ýarym ýagdaýda aşak düşürilmegi barada buýruk berendigini belläp, ozal hem Atlanta, Kolorado, Günorta Karolina, Indiana ýaly ştatlarda guralan ýaragly hüjümlerde hem baýdaklaryň ýarym ýagdaýda aşak düşürilendigini ýatlatdy we besdir diýip ýüzlenme berdi. 

Kongrese ýarag düzgünnamasy bilen bagly kanunlar babatynda iň tiz wagtda işe girişmäge çagyran Jo Baden: "Bir ok bilen alynan her bir jan, milletimiziň ruhuny bölek-bölek edýär. Mundan has köpüň hötdesinden gelip bileris we gelmelidiris" diýip çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar