Germaniýa Çagalara we Ýaşlara Sanjym Etdirme Mejburlugyny Meýilleşdirmeýär

Bu barasynda Maşgala işlerinden jogapkär ministri beýannama berdi

1646643
Germaniýa Çagalara we Ýaşlara Sanjym Etdirme Mejburlugyny Meýilleşdirmeýär

Germaniýanyň Maşgala işlerinden jogapkär ministri Kristin Lambreht, çagalar we ýaşlar üçin Kodiw-19 sanjymyny etdirme mejburlygynyň getirilmegini meýilleşdirmeýändiklerini beýan etdi.

Ministr Lambreht; “Sözümiz henizem güýjüni saklaýar, ne kämillik ýaşyndakylar ne-de çagalar we ýaşlar üçin sanjym mejburlygy bolmaz” diýdi.

Okuwçylaryň mekdepde derse gelmek üçin sanjym etdirme şertine bagly bolup bilmejekdigini nygtan ministr, sanjym etdirmändigi üçin okuwçylaryň derse gatnaşmagynyň öňünin alynyp bilinmejekdigini nygtady.

Labreht şu tomus 18 ýaşyna ýetmedik raýatlara sanjym etdirme şertini döretmek isleýändiklerini we onuň möhümdigini beýan edip, kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin howpsuz sanjymyň tassyklanmagynyň pandemiýa garşy göreş taýdan möhümdigine ünsi çekdi.

Ýewropanyn Derman gullugy “BioNTech-Pfizer” sanjymynyn 12-15 ýaş aralygyndaky ýaşlara edilmegi hakyndaky kararyny şenbe güni kesgitlemegine garaşylýar.

ABŞ golaýda “BioNTech-Pfizer” sanjymynyn 12-15 ýaş aralygyndaky ýaşlara edilmegine rugsat beripdi.



Degişli Habarlar