Nigeriýada geçen hepde guralan ýaragly hüjümlerde ençeme adam ýogaldy

Günbatar Afrika ýurdy bolan Nigeriýadaky ýaragly hüjümlerde geçen hepde 108 adam ýogaldy

1640470
Nigeriýada geçen hepde guralan ýaragly hüjümlerde ençeme adam ýogaldy

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä, terror guramasy Boko Haram we beýleki ýaragly toparlar, geçen hepdäniň duşenbe gününden ýekşenbe gününe çenli ýurdyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde hüjümler gurady. 

Nigeriýadaky ýaragly hüjümlerde geçen hepde 108 adam ýogaldy, ençeme adam ýaralandy. 

Ýurda zarba salan hüjümlerden soň, Nigeriýanyň günorta ştatlaryndaky 17 gubernator hökümete howpsuzlyk meselesi bilen bagly gyssagly ýagdaýda milli dialod başlatmagy barada çagyryş berdi. 

Gubernatorlar, ýurdyň Döwlet baştutany Muhammed Buhariniň ýurtdaky howpsuzlyk meselesi bilen bagly raýatlara ýüzlenip beýanat bermelidiklerini habar berdiler. 

Nigeriýada terror guramasy Boko Haram tarapyndan 2009-njy ýyldan bäri guralýan köpçülikleýin terrorçylykly aksiýalarda 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

Terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam sebitden başga ýerlere göçmäge mejbur boldy. 



Degişli Habarlar