Owganystanda Oraza baýramy boýunça gazanylan 3 günlük ylalaşygyň möhledi tamamlandy

Owganystanda Oraza baýramynyň bellenilip geçilýän günlerinde yglan edilen 3 günlük od açmazlyk baradaky ylalaşygyň möhledi tamam boldy

1640117
Owganystanda Oraza baýramy boýunça gazanylan 3 günlük ylalaşygyň möhledi tamamlandy

Taliban geçen hepde ýurt derejesinde 3 günlük od açmazlyk barada ylalaşyk yglan edendiklerini habar beripdi. 

Talibanyň 3 günlük ylalaşyk bilen bagly çagyryşyndan soň, Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani hem howpsuzlyk güýçlerine od açmazlyk baradaky çagyryşlara gulak asmak barada buýruk beripdi. 

Emma ýurdyň paýtagty Kabulyň demirgazygyndaky metjitleriň birinde juma namazynda guralan bombaly hüjümde 12 adam ýogalypdy, 15 adam bolsa ýaralanypdy. 

Taliban hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady, hökümet bolsa ýurdyň razwedka gullugyny günäkärläpdi. 



Degişli Habarlar