Baýden: "Dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly tagallalar dowam edýär" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Gündogar Iýerusalimde we sebitde dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly tagallalaryň dowam edýändigini habar berdi

1639105
Baýden: "Dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly tagallalar dowam edýär" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ak Tamda žurnalistleriň birini "Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň eden-etdiliklerini duruzmak üçin ýeterlik derejede iş barýanlygyňyza ynanýaňyzmy?" soragyna jogap berdi. 

Düýn Netanýahu bilen telefon söhbetdeşligini geçirendigini ýatladan Baýden, Döwlet sekretarlygynyň, Goranmak ministrliginiň we Milli Razwedka gullugynyň diňe Ysraýyl bilen, sebitdäki ençeme ýurtdaky kärdeşleri bilen gepleşikler geçirýändigini aýan etdi. 

Sebitde dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly tagallalaryň dowam edýändigini aýdan Baýden: "Şu günki güne çenli reaksiýa almadyk. Bu ýerdäki esasy mesele asuda ilatyň ýaşaýan sebitlere atylýan raketalaryň sanynyň azaldylmagy. Bu babatda entek gepleşikler geçirilmegine garaşýaryn" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #ABŞ , #Jo Baýden

Degişli Habarlar