Russiýa Ukraina bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyny ýatyrdy

Ukrainanyň hökümeti bolsa ady agzalan ylalaşykdan 31-nji martda çekilmek barada karar kabul edipdi

1638625
Russiýa Ukraina bilen syýahatçylyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyny ýatyrdy

Russiýa Ukraina bilen 1999-njy ýylyň 16-njy iýulynda baglaşylan syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz düzüminde jemleýän ylalaşygyň ýatyrylandygyny habar berdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda berilen beýanatda: "Russiýanyň hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň arasynda 1999-njy ýylyň 16-njy iýulynda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde baglaşylan syýahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmegi öz düzüminde jemleýän ylalaşyk 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda bes edildi" diýip mälim edildi. 

Ukrainanyň hökümeti bolsa ady agzalan ylalaşykdan 31-nji martda çekilmek barada karar kabul edipdi. 



Degişli Habarlar