Ysraýylyň polisiýasy Aksa metjidinde aşa güýç ulanmaga dowam edýär

Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň ertir namazyndan soň Aksa metjidinden çykyp barýan adamlara plastik oklar we ses bombalary ulanmagy netijesinde 10 adam ýaralandy

1636779
Ysraýylyň polisiýasy Aksa metjidinde aşa güýç ulanmaga dowam edýär

Aksa metjidinde okalan ertir namazyndan soň ýüzlerçe adam, Kybla metjidi bilen Kubbetüs Sahranyň arasyndaky meýdançada ýygnanyp Palestinanyň we Hamasyň baýdaklaryny açdylar. 

"Janym gurban bolsun saňa eý Aksa" we "Ählimiz Şeýh Jerrahdyrys" (Ysraýylyň palestinalylary öýlerinden çykrmak islän Gündogar Iýerusalimdäki etrapçanyň ady) ýaly şygralar aýdan ýüzlerçe adam, soň bolsa Aksa metjidiniň Arslanly gapysyna we Hutta gapysyna tarap ýöräp başladylar. 

Şol iki gapynyň daşynda garaşýan Ysraýylyň polisiýa işgärleri Aksa metjidinden çykan adamlara plastik oklar we ses bombalaryny ulandylar. 

Palestinaly ýaşlar bolsa polisiýa işgärlerine garşy daş we çüýşe zyňyp garşylyk görkezdiler. 

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden berilen beýanata görä başdan geçirilen wakada 10 palestinaly ýaralandy. 

Ysraýylyň polisiýa işgärleri käbir palestinalylary göz tussaglygyna aldy. 

Takmynan ýarym sagat dowam eden wakalardan soň ýagdaý kadalaşdy. 

Iýerusalimde Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň düýn aşa güýç ulanmagy netijesinde bolsa 90 adam ýaralanypdy, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti ýaralananlaryň arasynda 1 ýaşynda bäbegiň we çagalaryň hem bardygyny habar beripdi. 

Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň 2 gün ozal Aksa metjidine girip, aşa güýç ulanmagy netijesinde bolsa 205 palestinaly ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar