Germaniýa Sanjym Etdirenler Üçin Ýeňillikler Döredýär

Karar şu hepde güýje girer

1633903
Germaniýa Sanjym Etdirenler Üçin Ýeňillikler Döredýär

Germaniýada Ministrler kabinetiniň mejlisi ikinji doza sanjym etdirenler üçin koronawirus çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmegi hakynda karar kabul etdi.

Adalat ministri Kristin Lambreht Berlinde beren beýannamasynda doly sanjymlananlar üçin Kowid-19 çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmegi hakynda taýarlanan düzgünnamanyň Ministrler kabinetinje kabul edilendigini aýtdy.

Ministrler kabinetinde kabul edilen düzgünnama görä doly sanjymlananlar bilen koronawirusa ýolugyp sagalananlar, negatiw netijä eýe bolanlar bilen deň derejä eýe bolarlar.

Şeýlelikde doly sanjym etdirenler we sagalanlar, aragatnaşyk we daşary çykma çäklendirmesinden boşadylarlar, emma maska geýinme we fiziki aralyk düzgünini berjaý etme mejburlygy dowam eder.

Düzgünnamanyň hepdäniň dowamynda Federal Mejlisde we Federal Ştatlar Mejlisinde ara alynyp maslahatlaşyljakdygy, hepdäniň ahyrynda-da güýje girjekdigi aýdylýar.

Germaniýada dowam edýän sanjymlama kampaniýasynda 3-nji maýa çenli 23,852,426 adam Kowid sanjymynyň birinji dozasyny, 6,771,476 raýat bolsa ikinji dozasyny etdidi.

Şeýlelikde ýurtda 2020-nji ýylyň 27-nji dekabryndan bäri 30,623,902 doza sanjym edildi.

 



Degişli Habarlar