Gyrgyz-Täjik Serhedindäki Dartgynlyk Dowam Edýär

Aradan çykanlaryň sany 13 adama ýetdi

1631523
Gyrgyz-Täjik Serhedindäki Dartgynlyk Dowam Edýär

Gyrgyz Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän suw paýlaýyş ulgamyna gözegçilik etmek sebäp bolan ýaragly çaknyşykda iki tarapdan azyndan 13 adam ýogaldy, 165 adam ýaralandy.

Çaknyşyklar çarşenbe güni serhetdäki suw serişdesine gözegçilik kamerasynyň ýerleşdirilmeginden soň başlapdy.

Taraplar hüjümleri bes edip, esgerleri yza çekmek boýunça ylalaşan hem boslalar, çaknyşyklar dowam etdi.

Gyrgyz Respublikasy aradan çykanlaryň sanyny beýan eden bolsa, Täjigistan tarapyndaky näbellilik dowam edýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow sosial mediadan beren habarnamasynda; “Gyrgyz Respublikasynyň ähli raýatlaryny, ähli zatdan öň syýasy güýçleri we mediany asudalyga, meçew bermelere boýun egmezlige, duşmançylyga we düşnüşmezlige meçew bermezlige çagyrýaryn” diýdi.

Sebitdäki 800 gyrgyz raýatynyň howpsyz ýerlere göçürilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar