ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşdy

1630726
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat sekretary Ned Praýs, Blinken bilen Aliýewiň arasynda geçen telefon söhbetdeşligi barada beren beýanatynda: "Ministr Blinken bilen Prezident Aliýew, ABŞ bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýedini belläp geçdiler we ençeme meseläni maslahatlaşdylar" diýip belledi. 

Blinkeniň adam hukuklary we adaty azatlyklaryň ähmiýedini belläp geçendigini aýdan Praýs: "Ministr ÝHHG-nyň çäginde Minsk toparynyň egindeş baştutanlarynyň sebitdäki ähli adamlaryň peýdasyna Daglyk Garabag sebitindäki çaknyşyklara hemişelik syýasy çözgüt getirmek baradaky tagallalaryň möhümdigini aýtdy" diýip habar berdi. 

Aliýew telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmeginiň üstünde durup geçip: "Türkiýe Azerbaýjanyň ýakyn dosty we hyzmatdaşydyr. Söweşden soňky döwürde sebitimizde örän möhüm we uly rol oýnady. ABŞ-nyň Prezidentiniň bu beýanaty, Azerbaýjanyň hökümeti we jemgyýeti tarapyndan biynjalyk bilen kabul edildi" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar