ABŞ-da 5 Milliondan Gowrak Adam Ikinji Doza Sanjymyny Etdirmedi

ABŞ-da 138 million adama birinji doza sanjym edildi

1628569
ABŞ-da 5 Milliondan Gowrak Adam Ikinji Doza Sanjymyny Etdirmedi

“Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň habar bermegine görä “Pfizer” ýa-da “Moderna” sanjymynyň ikimnji dozasyny etdirmedikleriň sany, milli sanjymlama maksatnamasynyň başlamagyndan bäri iki esse ýokarlady.

ABŞ-da Kowid-19 sanjymlama sanawyna gözegçilik edýän Hassalyklara gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň soňky görkezijilerinegörä azyndan 5 million adam, başga bir söz bilen aýdylanda “Pfizer” ýa-da “Moderna” sanjymlaryny etdirenleriň 8 göterime barabary ikinji doza sanjymyny etdirmedi.

İkinji doza sanjymyny etdirmedikleriň käbirleri, sanjymyň zyýanly täsirlerinden gorkýandygy, käbirleri bolsa bir dozanyň ýeterlikdigini pikir edýändikleri üçin sanjym etdirmändiklerini aýdýarlar.

Merkeziň beýan etmegine görä ABŞ-da 138 milliondan gowrak adam ýa-da ilatyň 42 göterimine barabary birinji doza, ilatyň 28 göterimini emele getirýän 93 million adama bolsa ikinji doza Kowid-19 sanjymy edildi.


Etiketkalar: #ikinji doza , #sanjym , #ABŞ

Degişli Habarlar