Ispaniýada 22 adama wirus ýokdyran adam tussag edildi

Wirusa ýolugan 3 adamyň bolsa entek bäbekdigi kesgitlendi

1627995
Ispaniýada 22 adama wirus ýokdyran adam tussag edildi

Ispaniýanyň Polisiýa gullugy, ýurdyň Maýorka adasynda 22 adama Kowid-19 ýokdyran 40 ýaşyndaky erkek adamy tussag etdi. 

kowid-19 testi položitel çykan we koronawirus alamatlary bolmagyna garamazdan gündelik kadaly ýaşaýyşyny dowam etdiren adam, işleýän ýerinede gitmegi dowam etdirendigi ýüze çykdy. 

Iş ýerindäki kärdeşleri tussag edilen adamyň 40 gradus gyzgyny bolmagyna we uly ses bilen üsgürmegine garamazdan, maska dakmak düzgünini hemişe bozandygyny, "Sizede wirus ýokdyraryn" diýip aýdandygyny polisiýa işgärlerine habar berdiler. 

Polisiýa gullugy şol adamyň 8 adama gönüden, 14 adama bolsa aýlawly ýagdaýda wirus ýokdurandygyny anyklady. 

Wirusa ýolugan 3 adamyň bolsa entek bäbekdigi kesgitlendi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Ispaniýa

Degişli Habarlar