ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi ýurduna gaýtdy
ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Salliwan, geňeşmeler geçirmek üçin ýurduna gaýtdy
Russiýanyň Tass habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Jo Salliwan şu gün irden Moskwa şäherindäki Şeremetýewo howa menzilinden Waşingtona gaýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin barada ganhor sözüni ulanypdy we Putiniň ABŞ-daky saýlawlara goşulandygy sebäpli jogap berjekdigini beýan edipdi.
Ondan soň 17-nji martda Russiýanyň Daşary işler ministrligi, özüniň Waşington şäherindäki ilçisi Anatoliý Antonowy geňeşmeler üçin Moskwa çagyrypdy.
Kremliň Daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow, 16-njy aprelde ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçisi Salliwanyň geňeşmeler geçirmek üçin Waşingtona gitmegini maslahat beripdi.
ABŞ tarapy bolsa 19-njy aprelde Salliwanyň bu hepde geňeşmeler üçin Waşingtona gitjekdigini, ondan soň bolsa Moskwa gaýdyp barjakdygyny habar beripdi.