Yrakda harby baza raketaly hüjüm guraldy

Yragyň Salahaddin welaýatyndaky Beled harby howa bazasyna guralan raketaly hüjümde 2 adam ýaralandy

1623661
Yrakda harby baza raketaly hüjüm guraldy

Yragyň resmi habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Beled harby howa bazasyna 2 raketa bilen hüjüm guraldy. 

Raketaly hüjümleriň netijesinde 2 adam ýaralandy.

Habarda hüjümde ýaralanan adamlaryň asuda ilatdanmy ýa-da harby bolandyklary barada bolsa maglumat berilmedi. 

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki koalisiýa güýçleri, Beled harby howa bazasyny Yragyň goşunyna gowşuryp beripdi.

Beled harby howa bazasynda ABŞ-nyň Sallyport Global howpsuzlyk kärhanasynyň işgärleriniň bardygy bilinýär. 


Etiketkalar: #raketaly hüjüm , #Yrak , #ABŞ

Degişli Habarlar