ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa-Ukraina Meselesini Seljerer

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler maslahatynyň gün tertibinde Russiýa-Ukraina dartgynlygy meselesi esasy orun eýeleýär

1624131
ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa-Ukraina Meselesini Seljerer

 

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri, Russiýanyň Ukraina serhedinde harby hereketliligini artdyrandygy sebäpli möwjän dartgynlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly jemlenişdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler maslahatynyň gün tertibinde Russiýa-Ukraina dartgynlygy meselesi esasy orun eýeleýär.

ÝB-ne agza ýurtlar bilen NATO, rus goşunlarynyň Ukraina serhedindäki we Krymdaky harby hereketliligine alada bildirýär.

Ukrainanyň goranmak we daşary işler minisrtleri hem geçen hepde ÝB-den we NATO-dan Russiýa garşy kömek sorapdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba şu gün maslahatda ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrlerine başdan geçirlen soňky wakalar hakynda maglumat berer.

ÝB-niň Howpsyzlykdan we daşarky syýasatdan jogapkär ýokary wekili Borrel, maslahatdan öň beren beýannamasynda, ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň tussaghanada ýagdaýy agyrlaşan rus oppozisioner Aleýseý Nawalnyý meselesini hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.


Etiketkalar: #maslahat , #Ukraina , #Russiýa , #ÝB

Degişli Habarlar