Borrel Bilen Blinken Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Borrel bilen Blinken, soňky hepdelerde rus esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyna uly alada bildirýär

1620836
Borrel Bilen Blinken Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Russiýanyň Ukraina serhedindäki we Krymdaky harby hereketliligini ara alyp maslahatlaşan Borrel bilen Blinken, soňky hepdelerde rus esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyna uly alada bildirýär.

Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin birlikde işleşmek meselesinde ylalaşyk gazanan Borrel bilen Blinken mundan başgada Efiopiýada dowam edýän krizis hakynda pikir alyşdy.

Blinken bilen Borrel, Eýran bilen Günbatarly ýurtlaryň arasynda ýadro ylalaşygy meselesinde geçirilýän gepleşiklerde ýetilen sepgit hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar