Eýran Natanzdaky ýadro desgasyna hüjüm guran adamyň anyklanandygyny habar berdi

Eýranyň Howpsuzlyk ministrliginden bir resminiň döwlet mediasyna beren beýanatynda, hüjümi guran bir adamyň anyklanandygyny mälim etdi

1619611
Eýran Natanzdaky ýadro desgasyna hüjüm guran adamyň anyklanandygyny habar berdi

Eýranyň Howpsuzlyk ministrligi, ýurdyň Yspyhan welaýatynda ýerleşýän Natanz ýadro desgasyna hüjüm guran adamyň şahsyýetiniň anyklanandygyny we tussag edilmegi üçin işe girişilendigini habar berdi. 

Eýranyň Howpsuzlyk ministrliginden bir resminiň döwlet mediasyna beren beýanatynda, hüjümi guran bir adamyň anyklanandygyny mälim etdi. 

Eýran Natanz ýadro desgasynyň elektrik paýlaýan torynda 11-nji aprelde näsazlyk başdan geçirilendigini beýan edipdi.

Geçirilen derňewlerden soň Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň başlygy Ali Ekber Salihi wakanyň terrorçylykly aksiýadygyny habar beripdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif hem, hüjümiň arkasynda Ysraýylyň bardygyny belläp, öjüň alynjakdygyny nygtapdy. 

Eýran Natanz ýadro desgasynda 2020-nji ýylyň iýul aýynda ýangynyň ýüze çykmagyndan we eýranly alym Muhsin Fahrizadeniň öldürilmeginden 1 gün soň, 28-nji noýabrda berilen beýanatda, hüjümleriň Ysraýyl tarapyndan guralan sabotaždygy aýan edilipdi. 

Ady agzalan desgada geçen hepdäniň şenbe güni Prezident Hasan Ruhaniniň buýrugyna laýyklykda ozalky enjamlara garanyňda 10 esse köp uran öndürjek 164 sany IR6 sany täze enjam işe girizilipdi. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #atom , #ýadro , #Natanz , #Eýran

Degişli Habarlar