Wenesuela Daşary Ýurtlardaky Serişdelerinden Peýdalanmak Isleýär

Bu sebäpli ABŞ-na we Britaniýa çagyryş etdi

1617823
Wenesuela Daşary Ýurtlardaky Serişdelerinden Peýdalanmak Isleýär

Wenesuela, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde sanjym alynmagy üçin, Britaniýadan we ABŞ-dan saklanan altyn ätiýaçlarynyň we pul serişdeleriniň ulanylmagyna rugsat berilmegini talap etdi.

Daşary işler ministri Horhe Arreasa, Twitterden beren habarnamasynda, ýurdunyň daşary ýurtlarda saklanan serişdeleriniň erkin goýberilmegini isläp, “Sanjymlaryň satyn alynmagy üçin goýlan sanksiýalar bes edilmeli we milliardlarça dollardan azyndan 300 million dollaryň ulanylmagyna rugsat berilmeli. Ne ABŞ, ne-de Britaniýa biziň bu talabymyza oňyn jogap berdi” diýdi.

Wenesuelada, Nikola Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen oppozisia, 21-nji martda Kovid-19 sanjymynyň satyn alynmagy üçin ylalaşyk gazanandyklaryny mälim edipdi.

Wenesuelanyň, Britaniýanyň Merkezi bankyndaky altynlarynyň gymmatynyň 930 million ýewro barabardygy aýdylýar.

ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli ykdysady taýdan uly kynçylygy başdan geçirýän Wenesuelanyň saglygy goraýyş pudagynyň epidemiýa garşy göreşiň hötdesinden gelip bilmejekdigine alada bildirilýär.

 



Degişli Habarlar