Ýapon Hökümeti Demirgazyk Koreýa Goýlan Sanksiýalaryň Möhletini 2 Ýyl Uzaltdy

BMG Demirgazyk Koreýa sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edipdi

1615626
Ýapon Hökümeti Demirgazyk Koreýa Goýlan Sanksiýalaryň Möhletini 2 Ýyl Uzaltdy

Ýaponiýanyň hökümeti Demirgazyk Koreýa garşy 13-nji aprelde möhleti gutarýan bir taraply sanksiýalaryň möhletini ýene-de 2 ýyl uzaltmak hakynda karar kabul etdi.

Demirgazyk Koreýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna bap gelmeýän görnüşde 25-nji martda iki sany ballistiki raketa synagyny geçiripdi, Ýaponiýa, ABŞ we Günorta Koreýa bolsa resmi Phenýana garşy BMG-niň sanksiýalarynyň doly berjaý edilmegi hem-de Demirgazyk Koreýanyn ýadro ýaraglaryndan saplanmagy üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça çagyryş beripdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýoşihide Suga bolsa golaýda beren beýannamasynda Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen İn bilen şertsiz duşuşmaga taýardygyny beýan edipdi.

Tokio 2006-njy ýyldaky raketa synagyndan soň resmi Phenýana garşy sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edip, Demirgazyk Koreýadan importy we ýurt bilen baglanşykly gämileriň Ýaponiýa barmagyny gadagan edipdi, 2009-njy ýylda bolsa ýurda edilýän eksporty hem gadagan edip, sanksiýalaryň gerimini giňeldipdi.



Degişli Habarlar