Indoneziýada sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1614769
Indoneziýada sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Gündogar Nusa Tenggara ştatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 55 adama ýetdi. Tebigy apatda azyndan 42 adamyň dereksiz ýitendigi, 9 adamyň bolsa ýaralandygy mälim edildi. 

Indoneziýanyň Milli Apat dolanşyk merkeziniň metbugat sekretary Raditýa Jati beren beýanatynda, düýn ştatyň Flores şäheriniň gündogarynda ýerli wagt bilen sagat 11:00-da aşa ýagan ýagyşlaryň sil apatynyň emele gelmegine sebäp bolandygyny habar berdi. 

Jati, häzirki wagta çenli 55 adamyň jesediniň tapylandygyny aýan etdi. Azyndan 42 adamyň dereksiz ýitendigini aýdan Jati, ýaralanan 9 adamyň bolsa bejergi astyna alynandygyny beýan etdi. 

Jati, tebigy apatyň başdan geçirilen sebitde müňlerçe adamyň başga ýerlere göçürilendigini, elektrik toklaryň kesilendigini we käbir ýollaryň ýapylandygyny mälim etdi. 

Sil apaty sebäpli ýüzlerçe adamyň öýüne zyýan ýetdi, sebitde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 

Ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Indoneziýa

Degişli Habarlar