ABŞ Palestina Berýän Kömegini 100 Million Dollar Artdyrdy

Prezident Jo Baýden, Palestina berilýän kömekleri kesen Trampyň syýasatlaryndan ýüz öwürdi

1612592
ABŞ Palestina Berýän Kömegini 100 Million Dollar Artdyrdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň, ozalky Prezident Donald Tramp döwründe kesilen Palestina berilýän kömegi 100 million dollara golaý artdyrandygy öňe sürüldi.

AP-niň berýän habaryna görä, Prezident Jo Baýden, Palestina berilýän kömekleri kesen Trampyň syýasatlaryndan ýüz öwürdi.

Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň Palestina berilýän kömekleri artdyrandygy nygtaldy.

Hökümetiň 25-nji martda Günbatar Şeriadaky we Gazadaky palestinalylara täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin 15 million dollarlyk kömek berendigine üns çekilen habarda, Baýdeniň şondan bir gün soň hem Kongrese gizlinlikde maglumat berip, Palestinalylara goşmaça 75 million dollarlyk ykdysady taýdan kömek berendigi ýatladyldy.

Habarda 75 million dollarlyk kömek bukjasy hakynda halk köpçüligine maglumat berilmändigi bellenildi we täze hökümetiň bu başlangyjynyň ýagşy niýetiň we ynamyň ýaňadandan ýola goýulmagyny maksat edinýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar