Baýden Trampyň Syýasatlaryny Dowam Etdirýär

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ozalky prezidenti Trampyň syýasatyny dowam etdirýändigini aýtdy

1612704
Baýden Trampyň Syýasatlaryny Dowam Etdirýär

Zarif sosial media platformasy “Jlubhousede” beren analizinde ABŞ-nyň ilkinji nobatda wadalaryny berjaý etmelidigini we iki tarapyň hem şol bir wagtda işe girişmegi hakyndaky teklibi kabul etmejekdiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Zarif: “Amerikalylar 4 ýyllyk taryhy ýok edip bilmez. Baýden Trampyň syýasatyny dowam etdirýär. Trampyň edip, Baýdeniň etmedik hiç zady ýok. Eýrana şol basyşlar dowam edýär. Wagtlaýyn başlangyçlara garşy duramaýarys, emma ABŞ ilki bilen wadalaryny berjaý etmeli” diýdi.

Hytaý bilen gol çekişilen 25 ýyllyk Giň gerimli hyzmatdaşlyk ylalaşygy hakynda-da durup geçen Zarif, Hytaý bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol goýulandygyny we onuň taraplara wada berme şertini goýmaýandygyny aýtdy.

Zarif: “Hytaý gelejekde dünýäniň beýik güýçlerinden biri bolar. Biziň hem gowy gatnaşyklarymyz bolmaly. Ol, başga ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy bökdeli däl” diýdi.

Germaniýa ýa-da başga günbatar ýurdunyň islegine laýyklykda 25 ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagyna päsgel bermeýändigini aýdan Zarif: “Hytaý ýadro ylalaşygyndan soň giň gerimli hyzmatdaşlyk şertnamasy üçin amatly şertleriň bardygyny pikir etdi. Russiýa ýadro ylalaşygyndan son bize S-300 howa goranyş ulgamyny satdy. Hiç kim maňa Hytaý bilen şertnama baglaşmazlyk üçin basyş etmedi” diýdi.

 



Degişli Habarlar