ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
ABŞ-da guralan 2 aýry ýaragly hüjümde 1-i çaga bolan jemi 6 adam ýogaldy
1612780
Kaliforniýa ştatynyň Orange şäherinde işewür merkezileriniň birinde guralan hüjümde 1-i çaga jemi 4 adam ýogaldy.
Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri bilen ýaragly çaknyşyga giren hüjümçi ýaraly ýagdaýda tussag edildi.
Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. Hadysada näçe adamyň ýaralanandygy barada bolsa maglumat berilmedi.
Ýurdyň paýtagty Waşington şäherinde metro beketleriniň biriniň golaýynda bolan 2-nji ýaragly hüjümde bolsa 2 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy.
Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başladan hem bolsa, hüjümçi ýa-da hüjümçiler barada bolsa maglumat bermedi.