Neçirwan Barzani Parižde Emmanuel Makron Bilen Duşuşdy

Barzani, duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy

1611645
Neçirwan Barzani Parižde Emmanuel Makron Bilen Duşuşdy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, paýtagt Parižde Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Neçirwan Barzani bilen duşuşdy.

Barzani mesele hakyndaky habarnamasynda, Fransiýanyň paýtagty Parižde Prezident Makron bilen duşuşmakdan hoşaldygyny belledi.

Fransiýanyň sebite berýän goldawy üçin Makrona sagbolsun aýdan Barzani, duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Duşuşyk hakynda Elysse köşgünden heniz resmi beýannama berilmedi.



Degişli Habarlar