Putiniň Daşky gurşaw maslahatyna gatnaşmagynyň kesgitlenmegi üçin wagt gerek

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Daşky gurşaw maslahatyna gatnaşyp-gatnaşmajakdygynyň kesgitlenmegi üçin wagtyň gerekdigi mälim edildi

1611151
Putiniň Daşky gurşaw maslahatyna gatnaşmagynyň kesgitlenmegi üçin wagt gerek

Russiýanyň hökümetiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Putini Daşky gurşaw maslahatyna çagyrmagy bilen bagly metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Russiýanyň Pariž Klimat ylalaşygyna gol çekendigini we Putiniň daşky gurşaw bilen bagly meselelere ähmiýet berýändigini aýdan Peskow: "Bu möhüm bir mesele. Çaklylyk resmi ýollaryň üsti bilen gelen bolsa gözden geçiriler" diýip mälim etdi. 

Peskow: "Putiniň maslahata gatnaşyp-gatnaşmajakdygynyň kesgitlenmegi üçin wagt gerek bolar" diýip aýan etdi. 

Jo Baýden 23-nji martda aralarynda Putiniň hem bolan dünýäniň 40 ýurdunyň liderine 22-23-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek daşky gurşaw maslahatyna gatnaşmaklary üçin çakylyk ugradypdy. 



Degişli Habarlar