Pfizer Kovid-19 Dermanynyň Üstünde Işleýär

Dermanyň öndüilmegi üçin ABŞ-da irki synaglary başlady

1607568
Pfizer Kovid-19 Dermanynyň Üstünde Işleýär

 

Täze görnüş koronawirusa garşy ilkinji sanjymy öndüren Pfizerden tolgundyryjy habar gelip gowuşdy.

Firma, koronawirusa ýoluganlary bejerjek dermanyň öndüilmegi üçin ABŞ-da irki synaglaryň başlandygyny habar berdi.

Ilkinji synaglaryň netijesinden hoşaldyklaryny beýan eden firma, wirusyň köpelmeginiň öňüni almagyna garaşylýan dermanyň Gepatit Cýaly beýleki keselleriň bejergisinde hem täsiriniň bardygyny mälim etdi.

Pfizer koronawirusa ýoluganlaryň  irki bejergisinde ulanyljak başga bir dermanyň hem üstünde işlenilýändigini aýan etdi.

Saglygy goraýyş işgärleri, epidemiýanyň dolulygyna ortadan aýrylmagy üçin diňe sanjymlaryň däl eýsem başga bejergileriň hem gerekdigini nygtaýar.


Etiketkalar: #sanjym , #Pfizer , #Kovid-19 , #derman

Degişli Habarlar