Nigerde Guralan Hüjümlerde Ýogalanlaryň Sany 137 Adama Ýetdi

Ýanwar aýynda hem ýurduň günbatarynda ýerleşýän obalara guralan hüjümlerde azyndan 100 adam ýogalypdy

1606543
Nigerde Guralan Hüjümlerde Ýogalanlaryň Sany 137 Adama Ýetdi

Nigeriň Mali serhedinde ýerleşýän obalara guralan hüjümlerde ýogalalaryň sany 137 adama ýetdi.

Hökümetiň metbugat geňeşçisi Zakaria Abdourahmane, döwlet telewideniýesine beren beýannamasynda, ýekşenbe güni Tahoua welaýatynyň Intazaýene, Bakorat we Wistane obalaryna guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň 137 adama ýetendigini habar berdi.

Nigerde geçen hepde Malide serhedinde ýerleşýän Tillaberi şäherinde mal bazaryndan gelýän asuda ilaty nyşana alan hüjümlerde azyndan 58 adam ýogalypdy. Ýurtda hüjüm sebäpli 3 gün milli ýas yglan edilipdi.

Ýanwar aýynda hem ýurduň günbatarynda ýerleşýän obalara guralan hüjümlerde azyndan 100 adam ýogalypdy.

Burkina Faso, Mali we Niger soňky ýyllarda ýygy-ýygyndan terror guramasy Al Kaidanyn we DAIŞ-iň hüjümlerine sezewar bolýar.



Degişli Habarlar